“Mançester Siti” toparynyň ýarymgoragçysy Kewin De Bruýne”, şeýle-de “Bawariýa” toparynyň iki sany futbolçysy, has takygy, Robert Lewandowskiý hem-de Manuel Noýer 2019/2020 möwsüminiň netijeleri boýunça UEFA-nyň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edilnäge dalaş edýärler. Bular barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.
Bu 3 sany dalaşgär 2019/2020-nji ýyl möwsümde UEFA-nyň Çempionlar ligasyna hem-de UEFA-nyň Ýewropa ligasyna gatnaşan toparlardan saýlanan 80 sany tälimçi hem-de 55 sany sport žurnalisti tarapyndan saýlanyp alyndy. Şonuň bilen birlikde hem tälimçilere öz toparlarynda çykyş edýän futbolçylara ses bermek gadagan edildi.
Bu saýlawyň täsin ýeri-de, onuň dalaşgär saýlama tapgyryna ilkinji gezek Kriştiano Ronaldonyň we Lionel Messiniň gatnaşmaýanlygydyr. UEFA-nyň ýaryşlarynda möwsümiň iň ökde futbolçysy diýen baýrak Ýewropada UEFA-nyň saýlamagynda ýylyň iň ökde futbolçysy baýragy bilen çalşyryldy. Bu baýrak öň hem 1998-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli gowşurylypdy. Şu güne çenli Kriştiano Ronaldo bu baýraga dalaş edýänleriň sanawyna her ýyl goşulyp gelipdi, Messi bolsa b sanawa 6 gezek düşüpdi.
Mundan başga-da, ýylyň iň ökde futbolçy zenany diýen baýraga üç sany zenan futbolçynyň dalaşgärligi görkezildi. Olar Lýusi Bronz, Wendi Renar (ikisi hem “Lýon” topary), Pernilla Harder (“Çelsi” topary).
Baýraklar Çempionlar ligasynyň 2020/2021-nji möwsümi üçin bije çekişlik gijesinde, has takygy 1-nji oktýabrda gowşurylar.
UEFA: Möwsümiň iň ökde futbolçysy kim bolar?
