BMG dünýädäki adamlaryň nämeleri isleýändigi we nämelerden gorkýandygyny anyklamak maksadynda sowalnama geçirdi. Onda bütin dünýäde milliondan gowrak adam çykyş etdi.
BMG-niň bu sowalnamasyny 75 ýyllyk ýubileýi bilen baglanyşykly geçirdi. “BMG 75: biz isleýän geljek, bize gerek bolan BMG” diýip atlandyrylan pikir soraşmanyň netijeleri 21-nji sentýabr güni yglan edildi. Netijede adamlaryň öz hökümetlerinden we halkara guramalaryndan nämeleri isleýändikleri mälim boldy.
Pikir soraşma görä, adamlaryň ilkinji nobatda isleýän zatlary saglygy goraýyş, arassa suw, gigiýena serişdeleri we bilim almak mümkinçiliklerine eýe bolmaklary hasaplanýan ekeni. Sowal berlenlerden 300 müňi saglygy goraýşy aýratyn belläp geçdiler. Barlaglary alyp baranlaryň bellemegine görä, gatnaşyjylaryň 72%-i saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmak derejesi häzirki ýaly derejede galmagy ýa-da gowulanjakdygyny aýtdylar. Şeýle-de, adamlar “garyplyk, deňsizlik we işsizlige hem üns berilmegini” esasy maksat edip goýulmagyny isleýärler. Respondentler uzak möhletli maksatlaryň arasynda “ilim mümkinçiliklerinden hemmäniň peýdalanyp bilmekleri we aýallaryň deňhukuklylygyny” hem belläp geçdiler.
Şonuň bilen bilelikde, pikir soraşmalarda planetamyzda ýaşaýan adamlaryň nämeden köp gorkýandyklaryny anykladylar. Bu gorkular şulardan ybaratdyr:
Klimatyň örän tiz üýtgemegi – respondentlerden 49%-i planetamyzda ekologik ýagdaýyň erbetleşýändigini aýdýarlar;
Korrupsiýa – 41% sowal berlenleriň pikirine görä, bu barada ýagdaý erbetleşmegini dowam edýär;
Garyplyk;
Düşünişmezliklerden;
BMG-niň baş sekretary Antoniu Gutteriş BMG-niň Baş Assambleýasynyň dabaraly mejlisindäki nutugynda öz raýatlarynyň isleglerini amala aşyrmak döwletleriň esasy wezipesidigini aýtdy.