Täze Android 11-den peýdalanyp başlan ulanyjylar onuň kemçilikli döredilendigi barada belleýärler. Olar bu täzeleme esasyny ýüklemek bilen programmalar bilen işlemekde kemçilikleriň ýüze çykýandygyny aýdýarlar. 9to5Google-yň habar bermegine laýyklykda, Android 11-den peýdalanylýan smarfonlarda programmalaryň birnäçesiniň birlikde işlemeginde kynçylyklaryň, ýalňyşlyklaryň ýüze çykýandygy ýüze çykarylypdyr.
Munuň bilen baglylykda, täze bu ulgamyň smartfona goýlan mahalynda, programmalaryň ýakynda açylanlarynyň işini bes edýändigi görkezilýär.
Operasion ulgamyň täze wersiýasyny ulanyp görenler onuň köplenç kemçilikli ýüzlenmeleri çykarýanlygyny we käte ekranyň garalyp galýandygyny aýdýarlar. Munda telefonuň gurluş esaslaryny gaýtadan işletmek hem kömek etmändir.
Google kompaniýasy bu baradaky edilen şikaýatlary göz öňüne tutup ulgamyň bu wersiýasyny gaýtadan işlemegi ýola goýar.
Android 11-iň kemçilikleri
