Bu habary Counterpoint Technology Market Research kompaniýasy ýörite barlaglary geçirmek esasynda habar berýär. Hünärmenler pandemiýa zerarly smartfonlaryň bahalarynda ýüze çykýan üýtgeşmeleri bilmek üçin barlaglary geçirdiler. Barlaglarda şu ýylyň ikinji ýarymynda satylan smartfonlar hasaba alyndy.
Analitikleriň bellemeklerine görä, degişli döwrüň dowamynda smartfon bazary örän pese düşüpdir. Statistik maglumatlar bu döwürde smartfonlaryň satuwynyň 23 % pese düşendigini görkezýär.
Bazaryň bu ýagdaýy bilen baglylykda hem smartfonlaryň bahalarynyň umumy hasap bilen 10 % gymmatlandygy ýüze çykaryldy. Olaryň bahalary bilen bagly derňewler Latyn Amerikasyndan başga ähli ýerleriň bahalary esasynda kesgitlendi. Smartfonlarynyň gymmatlamagynyň esasy sebäbi hökmünde bolsa 5G ulgamly smartfonlaryň peýda bolmagy we olaryň ýylyň ikinji ýarymynda örän gymmatlamagy hasap edilýär.
Ýüze çykýan şeýle ýagdaýlaryň döwründe dünýä smartfon bazarynda iň amatly önümler Apple kompaniýasynyň smartfonlary bolup galýar, ikinji we üçünji orunlarda bolsa Huawei hem-de Samsung kompaniýalary durýar.