Amerikan blogeri Ewan Bless IT-senagatynyň iň täze dörediljek nusgalary baradaky bloglar bilen internetde yzygiderli maglumatlary goýýar. Onuň häzirki goýan maglumaty Samsungyň täzelikde köpçülikleýin önümçilige goýberiljek smartfony Galaxy S20FE kysmydyr. Ol täze smartfonuň suratlaryny şahsy daşy bilen ýerleşdirip, ol barada maglumat berýär. Insaýderiň aýtmagyna görä, bu smartfon Full HD+ formatly 6,5 dýuýmlyk AMOLED displeýe eýe bolar. Displeýiň ýokary böleginde bolsa frontal kamera ýerleşdiriler. Esasy kameralar barada aýdylanda bolsa olar esasy 12 megapiksellik we iki sany 8 megapiksellik ölçegde bolar.
Smartfonyň dizaýnynda gelşikli ýerleri-de USB-C geçirijiniň aşaky bölekde we Sim kartanyň ýokarky bölekde ýerleşdirilmegidir. Gadjetiň batareýasynyň sygymy 4500mA/sag barabar bolar diýip habar berilýär. Şeýle-de bu batareýa 15 wattly zarýadlandyrma bilen üpjün edilip, suwdan we tozandan goraýjy IP68 ulgamyny özünde saklar. Täze gadjetiň asylky bahasy 699 ýewro diýlip kesgitlenýär.
Samsungyň täzeligi — Galaxy S20FE
