Eýranyň Tähran welaýatynda koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň üçünji tolkuny başlandy. Bu barada welaýatyň koronawirusa garşy göreşmek baradaky işçi toparynyň başlygy Alyryza Zoliý mälim etdi.
Zoliý bu babatda şeýle bellikleri aýdýar: “Soňky günleriň statistikasy Tähranda üçünji tolkunyň başlanandygyny görkezýär. Üçünji we ikinji tolkunyň arasyndaky wagt juda az boldy. Biz işçi toparyň adyndan saglygy goraýyş ministrligine koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaý sebäpli çäklendirmeleri dikeltmegi sorap hat iberdik. Bu esasan hem aralykdan işlemek meselesine degişli”. Eger ýadyňyza düşýän bolsa, Eýranda ikinji tolkunyň başlanmagy 15-nji iýulda yglan edilipdi.
Soňky günlerde Eýranda koronawirus ýokuşmak ýagdaýlarynyň köpelmegine gözegçilik edildi. Tomsuň ahyrynda görkezijileriň azalmagyan gözegçilik edilipdi. Häzirki wagtda ýurtda kesellänleriň sany 422 müňden geçdi. Pandemiýadan ýogalanlaryň sany 24,3 müň adamdan ybarat hasaplanýar.