Çeçenli UFC söweşijisi Hamzat Çimaýew 20-nji sentýabr güni Las-Wegas şäherinde geçirilen turnirde Jerald Mirşerde garşy göreşe çykyp, tutluşygy 17 sekuntyň içinde öz peýdasyna çözdi. Netijede Hamzat 66 günüň içinde üçünji ýeňşine eýe boldy. UFC rekorduny täzeledi. Muňa çenli rekord Jonni Uokere degişlidi – 105 gün.
Sportçy indi bir aýda üç sany tutluşykda çykyş edip biler. Bu barada guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt mälim etdi. Dana şeýle maglumat berýär: “Hamzat Maýýa garşy tutluşyk geçirmekden öň ýene-de bir sany ýaryşa gatnaşmagy gerek bolar. Eger ony “Tutluşyklar adasyna” ibermek mümkinçiligi bolsa, elbetde ol ýaryşda çykyş eder”. Hamzadyň Demen Maýýa garşy tutluşygy bolsa oktýabr aýynda geçiriler.
Hamzat Çimaýew UFC-niň rekorduny täzeledi
