Şwesiýaly ýeňil atletikaçy Arman Dýuplantis syryk bilen belentligine bökmekde Ukrainanyň abraýly sport ussady Sergeý Bubkanyň gazanan dünýä rekorduny täzeledi.
Sportçy muňa “Brilliant ligasynyň” Rim şäherinde geçirilen tapgyrynda eýe boldy. Ol 6,15 metr belentlige böküp, açyk binalardaky ýaryşlar üçin Bubka tarapyndan 1994-nji ýylda goýlan rekordy 1 sm-e täzelemegi başardy.
Üns bermeli tarapy, Armana ýene-de bir ýokary netije degişlidir. Ol ýapyk binalarda geçirilýän ýaryşlarda hem dünýä rekordçysy hasaplanýar. Mundan bir hepde öň bolsa, ol 6,17 metre böküp, fransiýaly ýeňil atletikaçy Reno Lawilleniniň netijesini 1 sm-e ýokarlandyrmagy başarypdy.
Aýallaryň arasynda bu sport görnüşi boýunça dünýä rekordy açyk desgalardaky ýaryşlar üçin russiýaly Ýelena Isinbaýewa (5,06 metr), ýapyk binalardaky ýaryşlar üçin amerikaly Jýennifer Surga (5,03) degişlidir.