“Liwerpul” toparynyň derwezebany Loris Karius mersisaýd toparyndan gidýär.
The Athletic neşiriniň žurnalisti Jeýms Pirs 27 ýaşly nemes derwezebany Loris Karius futbol karýerasyny Germaniýanyň Bundesligasynda çykyş edýän “Union Berlin” toparynyň düzüminde kärendesine dowam eder.
Derwezebanyň kärendesine başga topara geçmegi bilen bagly möhlet bir möwsümlik diýlip kesgitlenýär. Onuň kärendesine gitmek şertnamasy şu hepdäniň dowamynda taraplaryň geljek ylalaşygy esasynda doly derejede belli bolar.
Belläp geçsek, geçen möwsümde hem nemes derwezebany Loris Karius türkleriň “Beşiktaş” toparynda kärendesine çykyş edipdi.
Karius “Uniona” kärendesine gidýär
