The Mirror britan neşiri kinofilmde Jeýms Bonduň roluny ýerine ýetirmäge dalaş etjek aktýoryň adyny mälim etdi. Agent baradaky bu filmde baş wezipäni ýerine ýetirmäge “Akmak Maks” hem-de “Wenom” ýaly meşhur kinofilmlerde çykyş eden Tom Hardy mynasyp hasap edildi.
“Häzir ölmegiň wagty däl” atly kartina Deniýel Kreýgiň Jeýms Bond hökmünde ýaýlyma çykmagynda iň soňky tapgyr bolar. Aslynda bu roly ýerine ýetirmek Harda noýabr aýynda ynanylmalydy, emma koronawirus pandemiýasy zerarly bu şertnama 2021-nji ýyla çenli uzaldyldy.
Ýene bir zady belläp geçsek, dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Jeýms Bonduň roluny ýerine ýetirmekde başga bir aktýoryň göz öňüne tutulýandygy aýdylýardy. Ýagny, Bonduň roluny oýnamak üçin Marvel kinofilmlerinde Lokiniň roluny ýerine ýetirýän britan aktýory Tom Hiddlston dalaşgär hasap edilýärdi.
Ýatlatsak, Jeýms Bonduň başdangeçirmeleri bilen bagly filmiň soňky tapgyry bolan “Häzir ölmegiň wagty däl” kartinasy noýabr aýynda köpçülige ýetiriler.
Täze “Jeýms Bond” belli boldy
