Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Rasul Jafari bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler. Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky we konsullyk hyzmatlarynyň berilmegi boýunça özara hereketleriň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi.
Eýranyň Mary şäherindäki Baş konsuly wezipesine bellenilmegi bilen baglylykdaky ýakymly arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, Rasul Jafari bu sebitiň diňe bir syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem iki doganlyk ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtady.
Taraplar Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Mary welaýaty bilen Eýranyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
Mary welaýaty bilen Eýranyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
