IRNA-nyň baş müdiri Muhammetriza Newruzpur sişenbe güni EKO-nyň medeni institutynyň prezidenti Serwer Bahti bilen duşuşdy. Ol jenap Bahtiniň öz ýolbaşçylyk edýän habar gullugyna bolan şu gezekki saparynyň iki tarapyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygyň başlangyjy boljakdygyna umyt bildirdi.
IRNA-nyň baş müdiri EKO-nyň medeni institutynyň prezidentini EKO-nyň çägindäki metbugatlaryň arasynda hünärmenleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň üstünde işlemäge çagyrdy.
EKO-nyň medeni institutynyň prezidenti Serwer Bahti bolsa sebitleýin metbugat hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksadyny aýan etdi we IRNA-nyň baý surat arhiwini göz öňünde tutup, IRNA bilen EKO-nyň Medeniýet Institutlarynyň surat sergilerinde bilelikde işlemegi teklip etdi. Şeýle-de ol: “Institutymyzyň esasy maksady, umumy medeni mirasy bolan uly ýerleri öz içine alýan EKO guramasynyň çägine salgylanyp, sebitdäki ýurtlary medeni we jemgyýetçilik çäreleri arkaly ýakynlaşdyrmakdan ybaratdyr. IRNA habarlar we maglumatlar pudagynda bu babatda bize kömek edip biler” – diýdi.
IRNA-nyň baş müdiri Muhammetriza Newruzpur we EKO-nyň medeni institutynyň prezidenti Serwer Bahti bilelikde Eýran Yslam respublikasynyň habarlar gullugynyň habar otagyna bardylar hem-de IRNA habarçylary we kätipleri bilen söhbetdeşlikde bu guramada habarlaryň taýýarlanyş we neşir ediliş prosesi bilen tanyşdylar.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (EKO) girýän ýurtlar – Eýran, Türkiýe, Päkistan, Owganystan, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Azerbaýjan döwletleri EKO-nyň Medeniýet institutynyň medeni hyzmatdaşlarydyr.