Hytaýy gaz bilen üpjün etmekde Türkmenistan öňdebaryjy orny eýeleýär. Hytaý gümrük gullugynyň sentýabr aýyndaky maglumatlary muny doly subut edýär. Maglumata görä, Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaýa iberýän gazyny günde 1,788 milliard kub metre ýa-da 78,3 million kub metre çenli artdyrdy. Şu ýylyň iýun aýyna çenli eltip bermek gündelik mukdarda 7 göterim ýokarlandy we 2020-nji ýylyň fewral aýyndaky üpjünçilikden ýokary boldy. Bu barada sng.today habar berýär.
Hytaýy tebigy gaz bilen üpjün etmeklikde Gazagystan ikinji ýeri, Gazprom (RF) üçünji orny eýeledi, Türkmenistan bolsa, iýul aýynda Mýanma döwletindenem geçip, Hytaýa rekord derejede 379 million kub metr gaz (günde 12,2 million kub metr) iberdi. Bäşinji ýerdäki Özbegistan iýul aýyndan iýun aýyna çenli gaz bilen üpjünçiligi üçden iki esse artdyrdy.
Bu maglumatlaryň “Gazpromyň” Hytaýa eksportynyň Russiýanyň “Sibiriň güýji” taslamasynyň turbageçirijisi arkaly iberiliş taryhynda ýene bir rekorddygyny bellemelidiris. Iýun aýynda bu turba geçirijisi Hytaýy günde 10,2 million kub metr gaz bilen üpjün etdi.
2019-njy ýylyň maý aýynda Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasynyň (CNPC) baş müdiri Ye Sýandeng, 2019-njy ýylyň 19-njy maýyna çenli (2009-njy ýylyň dekabryndan bäri) Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň umumy mukdarynyň 238,8 milliard kub metrdigini aýtdy. Umuman alanyňda, Hytaýyň gaz importy 2020-nji ýylyň iýulynda (resmi maglumatlara görä) iýun aýyndaky 3.039 milliard kub metrden 4,47 milliard kub metre çenli ýokarlandy.
Sentýabr aýynda Hytaýyň CNPC korporasiýasy Türkmenistanyň Lebap sebitindäki Amyderýanyň sag kenarynda 3-х gaz ýatagynyň önümçilik infrastrukturasynyň gurluşygyna başlandy. Korporasiýa bu işi “Sichuan Petroleum Construction” holdingi bilen bilelikde amala aşyrar.
Hytaýa gaz ibermekde Türkmenistan öňdebaryjy orny eýeleýär
