Ukrainanyň Kerson şäherinde ýaňy-ýakynda geçirilen 7-nji Baltika-Gara deňiz ykdysady forumynyň çäginde Gazagystanyň Kuryk portunyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň «Türkmen Milli Logistika» döwlet kompaniýasy Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy. Bu barada GDA-nyň internet portaly «sng.today» habar berýär.
Geçen ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda Türkmenistanyň Prezidenti Baltika deňziniň kenarynda ulag geçelgesini döretmegiň zerurdygyny belläp geçdi. Hut şu nukdaýnazara esaslanylyp, bu gezekki halkara maslahatynda Türkmenistandan, Gazagystandan, Gara deňiz we Baltika deňziniň sebitlerinden gelen foruma gatnaşyjylaryň ygtybarly hyzmatdaşlardygy bellenildi. Forumyň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, «Türkmen Milli Logistika» döwlet kompaniýasynyň baş müdiri Begenç Mämmedow türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň netijeligini görkezdi.
Forumyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri bu halkara çäräsiniň çäginde baglaşylan degişli şertnamanyň Hazar – Gara deňiz – Baltika hyzmatdaşlygynyň ösmegine peýdaly täsir etjekdigini aýtdy. Guramaçylaryň pikiriçe, bu Ukraina üçin hem birnäçe mümkinçilik döreder.