GDA-nyň internet portaly bolan «sng.today» şu gün Türkmenistanyň lukmançylyk pudagynyň 400-den gowrak wekiliniň hünär derejesiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri tarapyndan ýokarlandyrylýandygyny habar berdi. Şol habara görä, bu çäre Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýakyndan goldaw bermegi bilen amala aşyrylýar.
Ilki bilen merkezi we sebit derejesindäki 187 sany türkmen lukmanynyň hünär derejesi ýokarlandyrylýar. Olara ýokançlygy kliniki taýdan dolandyrmagyň we bejermegiň usullary görkezildi.
Barlaghana wekilleri türkmen lukmanlaryny ýokançlyga gözegçilik etmegiň amaly taraplary boýunça hem okuwa aldylar. Jemi 37 hünärmen bu okuw kursuna gatnaşdy. Okuwyň esasy maksady, barlaghana (laboratoriýa) hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdyr.
Okuwyň çäginde epidemiologiki gözegçilik, öňüni alyş we ýokanç gözegçiliginiň ýörelgeleri bilen 188 lukman hünärmeni tanyşdyryldy. Adamlaryň arasyndaky aragatnaşyklara gözegçilik etmek we ýokuşma ýagdaýlaryny öwrenmek meselesine hem türkmen lukmanlarynyň aýratyn ünsini çekdiler. Mundan başga-da, ýokançlygyň ýurda aralaşmagynyň öňüni almaklykda berk jogapkärçilige hötde gelmekligiň usullary öwredildi.
Häzire çenli Türkmenistanda ýokanç kesel mörjewi bilen ýekeje ýokuşma hadysasy-da hasaba alynmady. Şu ýylyň 1-nji noýabryna ýurtda ýokançlygyň öňüni almak üçin içerki demir ýol aragatnaşygy we halkara gatnawlar togtadyldy. Naharhana we hyzmat ediş kärhanalary 15-nji oktýabra çenli ýapyldy.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär
