Koronawirusa garşy 200-e golaý waksina kliniki we klinokoldi synaglaryndan geçirilýär. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus maglumat berýär. Ol bu mesele boýunça şeýle diýýär: “Häzirki wagtda COVID-19-a garşy azyndan 200 sany waksinanyň kliniki synaglardan geçirilmegi dowam edýär. Waksinalaryň ösüş taryhy olaryň käbirleriniň üstünliksiz, başgalary bolsa üstünlikli bolýandygyny görkezýär”.
Şol sebäpli hem Gebreýesus döwletleriň BSGG ähli dalaşgär waksinalar barasynda maglumatlary toplaýan COVAX Facility taslamasyna goşulmagynyň zerurdygyny aýtdy. Maglumat berilmegine görä, şu güne çenli COVAX Facility meýilnamasyna 156 ýurt goşuldy. Bu sanawdan Ýewropanyň 27 döwleti, Norwegiýa, Islandiýa we Beýik Britaniýa orun eýeleýär. Russiýa, ABŞ we Hytaý COVAX Facility meýilnamasyna goşulmady.
Bellenilmegine görä, COVAX Facility 2021-nji ýylyň ahyryna çenli ähli adamlary ýeterlik derejede däri-derman bilen üpjün etmek üçin waksina öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmaga başlady.
BSGG koronawirusa garşy näçe waksinanyň synagdan geçirilýändigini mälim etdi
