Çimkentde balykçy dişi adamyňka meňzeýän balyk tutdy. Balykçy Badam derýasyna balyk tutmakçy bolup awa çykypdyr. Ol ilki tutan balygyny uly çortan balygyna meňzedipdir. Emma onuň aýtmagyna görä, soňra ol üýtgeşik görnüşdäki balygy awlanyny aňlapdyr.
Özüniň başdan geçirenleri barada balykçy Jenis Uzdenbaýew şeýle diýýär: “balyk uly, göwrümi 5 litrli suw gaplary ýaly, agyrlygy bolsa 1300 gramdyr. Ýüzgüçleri gyzyl reňkde. Agzyny açyp görsem, dişleri bäş ýaşly çaganyňky ýaly dişler. Men haýran galyp, galdyrap başladym”.
Käbir adamlar bu pirana maşgalasyna degişli bolan, süýji suwly suwda ýaşaýan garamtyl paku bolmagy mümkindigini aýdýarlar. Bu görnüşe girýän balyk esasan Amazon we Orinoko derýalarynda ýaşaýar. Bu balyklaryň uzynlygy 108 santimetra ýetmegi mümkindir. Olaryň dişleri dörtburç we adam dişlerine meňzeýär. Maglumatlara görä, paku balyklary dörburç dişleri bilen höregini deşip geçmegi mümkin ekeni.