“Ýuwentus” futbol klubynyň hüjümçisi Kriştiano Ronaldo we “Barselona” klubynyň hüjümçisi Lionel Messi “Roma” we “Wilyarreal”-a garşy oýunlarda penaltydan 146 sekuntlyk tapawut bilen gol urdular. Portugaliýaly Rim toparyna 00:32:17 (Aşgabat wagty bilen) wagty argentinaly futbolçy bolsa “Wilyarreal” derwezesine biraz wagt soň penaltydan gol urdy – 00:34:43.
Messi Ispaniýa çempionatynda yzygiderli 17 sany möwsümde gol urmagy başaran dördünji oýunçy boldy. Bu ýeňşe şeýle-de “Atletik” klubynyň öňki hüjümçisi Agustin Alonso (17) we “patyşalyk kluby”-nyň goragçysy Serhio Ramos (17) hem eýe boldular. “Ýuwentus” bolsa 2 oýunda 4 utuk jemledi we A seriýanyň turnir jedwelinde 5-nji orunda barýar. Klub soňky oýnuny 4-nji oktýabr güni öz meýdanynda “Napola” garşy geçirýär. “Barselona” bolsa geljek oýnuny “Selta” garşy 1-nji oktýabrda oýnar.