Täçmahal ýadygärligi syýahatçylar üçin iň meşhur taryhy desgalaryň biridir. Ol Hindistanda girizilen berk karantinden soň mart aýyndan bäri ýapykdy. Pandemiýadan öň bu ýere günüň dowamynda 70 müň adam syýahat etmek üçin gelýärdi. BBC neşiriniň ýazmagyna görä, häzirki wagtda Hindistanda koronawirus howpunyň ýokarydygy sebäpli Täçmahala gelýänler karantin kadalaryna berjaý etmelidirler.
Täçmahal iň soňky gezek Agrada suw joşgunlary bolandygy sebäpli 1978-nji ýylda gysga möhlete ýapylypdy. Ondan öň bolsa 1971-nji ýylda Hindistan-Pakistan urşy döwründe birnäçe güne işi togtadylypdy. Karantin çäklendirmeleri sebäpli alty aýyň dowamynda ýapyk durmagy Täçmahalyň taryhynda iň uzak möhletli ýapylyş boldy.
Täçmahalyň girelgesi irden sekizde açylyşdan öň dezinfeksiýa edilýär. Işgärleriň ählisi ýüzi goraýan serişdeler bilen üpjün edilen. Täçmahala gelýänler bolsa beden gyzgynlygy ölçenilenden soň içeri girizilýär. Olardan petekleriň töleglerini mümkinçilikleriniň boldugyndan onlaýn görnüşde tölemek haýyş edilýär.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, häzirki wagtda Hindistan koronawirusyň ýaýrawy boýunça ABŞ-dan soň ikinji orunda barýar. Ýurtda şu wagta çenli 5,5 milliona golaý koronawirus ýagdaýy hasaba alyndy.
Täçmahal syýahatçylar üçin açyldy
