Londonyň merkezinde, has takygy Lester-skwerde Meri Poppins, Paddington aýyjyk, Mister Bin we Betmen ýaly beýleki kino gahrymanlarynyň heýkelleriniň ýanynda Garri Potteriň hormatyna hem heýkel dikdiler.
Garri Potteriň heýkeli iki sany meşhur kinoteatryň meýdançasynda ýerleşýär. Olaryň birinde bu oglanjygyň başdan geçirmeleri bilen bagly pursatlary suratlandyrýan ilkinji kino tapgyry — “Garri Potter we filosofik daş” atly tapgyr şekillendirilipdi. Bu maglumatlary Time Out London neşiri ýetirýär.
Heýkelde oglanjyk filmiň birinji tapgyryndaky pursatlarda oýun geýiminde, “Nimbus-2000” sübsesinde keşplendirilipdir. Bu heýkel oglanjygyň sübse bilen uçuşynyň illýuziýasyny janlandyrypdyr. Ol esasy metal bölegi bilen saklanyp, ýörite çyrmaşyk bilen bezelendir.
Bu oglanjyk bilen bagly eser dogrusynda durup geçsek, ol 1997-2007-nji ýyllarda Joan Rowlinge dünýä ýüzünde uly meşhurlygy getirdi. 80-den gowrak dilde neşir edilen kitaplaryň umumy tiražy 500 million ekzemplýardan geçýär. Eser kino dünýäsinde hem 8 sany aýry-aýry tapgyrly filmlerden ybarat bolup, olaryň iň soňky tapgyry has köp tomaşaçynyň söýgüsini gazandy. Ol dünýä satuwynda 1,3 milliard dollar girdeji getirdi.