Ylmy barlag geçirýän hünärmenler Grenlandiýanyň buzlarynyň soňky ýyllarda bütin taryhyň dowamy boýunça rekord derejede ereýändigini belleýärler. Olaryň häzirki ereme netijesi soňky 12 müň ýylyň rekord derejesini täzeledi diýip aýdylýar.
Hünärmenleriň barlaglaryna laýyklykda, diňe şol degişli regionda buzlaryň eremegi ýokary derejede dowam edýär. Bu bolsa bütin adamzat üçin kynçylyk döredip biljek meseledir. Alymlaryň bellemeklerine görä, onuň tizligi togtadylmasa, ol adaty eremek ýagdaýyndan 4 esse tizleşer we dünýä ähmiýetli meseläniň ýüze çykmagyna getirer.
Klimatologlar Grenlandiýanyň buzluklarynyň töwerekleriniň eýýäm eräp gutaryp barýandygyny göz öňüne tutmak bilen olaryň şeýle eremek tizligi bilen ýakyn geljekde doly ýagdaýda eremek mümkinçiliginiň bardygyny aýratyn aýdýarlar. Bu bolsa dünýä ummanynyň suwunyň 10 santimetr derejede ýokarlanmagyna getirip, kenar şäherleriň durmuşynda sil gelme ýaly tebigy hadysalaryň bolmagyna esas bolar.