Habar beriş serişdelerinde ýetirilýän habarlarda ýene sanly günlerden Apple kompaniýasynyň iPhone 12 smartfonunyň birnäçe kysmynyň köpçülige ýetiriljekdigi barada aýdylýar. Heniz bu smartfon modeli köpçülikleýin ýaýradylmanka, onuň täze bir modeli — iPhone 13 baradaky maglumatlar internet sahypalarynda peýda boldy. Indiki ýylda satuwa çykaryljak bu smartfon baradaky maglumatlary özüniň hakykata ýakyn gelýän çaklamalary bilen tanalýan insaýder Ross Ýang ýetirýär.
Insaýder iPhone 13 smartfonunyň hem edil iPhone 12 ýaly dört sany kysymy özünde jemlejekdigini belleýär. Olar 4,5 dýuýmlyk, 2 sany 6,1 dýuýmlyk hem-de 6,7 dýuýmlyk ölçeglerde bolar. Gürrüňi edilýän smartfon BOE displeý ulgamy bilen üpjün edilip, ProMotion ekranyna eýe bolar. Smartfonyň kamera durulygynyň derejesiniň ýokary bolmagyna garaşylýar.
Bulardan başga-da, iPhone SE smartfonunyň üçünji nesliniň döredilmegine 2022-nj ýylyň ýazyna çenli garaşmaly bolmaz. Onuň hem öňümizdäki ýylda köpçülige ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Insaýderiň pikirine görä, ol hem inçejik ramkaly 6,1 dýuýmlyk ölçegde, iPhone 11-e meňzeş görnüşli bolar. Ol hem öz gezeginde 5G ulgamynda işlär.