Microsoft kompaniýasy özüniň ýeňil hem inçe daşky gurluşy bilen tapawutlanýan täze Surface Laptop Go noutbugyny tanyşdyrdy. Onuň agramy 1,1 kilograma we inçeligi 16 millimetre barabardyr.
Noutbuk 3:2 birilmesini emele getirýän 12,4 dýuýmlyk, 1536×1024 piksellik displeý bilen üpjün edilipdir. Bu bolsa multimedia, şeýle-de doly ekranlyk klawiatura hem-de Intel onunjy i5 nesli bilen işlenende däl-de, aýratyn dokumentler bilen işlenende oňaýlyklary döredýär.
Bulardan başga-da, noutbugyň komplektasiýasyna 720p ölçegdäki web kamera, USB-A hem-de USB-C portlary, aýdym diňlemek üçin niýetlenen birikdirme, şeýle-de Surface şahsy firma konnektory girýär. Microsoftyň blogunda noutbugyň zarýadynyň işleýiş dowamlylygy 13 sagada barabar diýlip bellenilýär. Baza komplektasiýasyna laýyklykda, noutbuk 4/64 gigabaýt derejesinde operatiw hem umumy ýada eýe bolar. Onuň has kämil görnüşleriniň operatiw ýady 8 gigabaýta we esasy ýady 128/256 gigabaýta deň bolar.
Microsoft-yň täze noutbugy ýeňil hem amatly
