Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy Camry awtoulag kysmynyň 2021-nji ýyl nusagasynyň XSE Hybrid wersiýasyny tanyşdyrdy. Ol sport görnüşli bolup, özboluşly bampere we kuwwatly hereketlendirijä eýe bolar. Bu awtoulag, habar berlişine görä, ilkinji bilen ABŞ-da 26 müň dollar bahasyndan satylyp başlanar.
Toyota Camry 2021 awtoulagy täze dizaýn bilen bezelen diskalara eýe bolar. Onuň salony bolsa alýuminiý we gara agaç paneli bilen bezeler. Awtoulag sürüjä kömek beriji Safety Sense tehnologiýasy bilen üpjün ediler. Bu tehnologiýa birnäçe ulgamlardan, ýagny ýol belgilerini saýgarmak, awtomatik säginmek, ýoluň esasy çyzgysyna laýyk sürmek, kruiz-kontrol ulgamy we sürüjiden birugsat awtomatik uzak we golaý ara üçin niýetlenen çyralary ýakmak ýaly awtomatik, oňaýly we sürüjiniň işini ýeňilleşdirýän ulgamlardan ybaratdyr. Mundan başga-da, awtoulag Android Auto, Apple Car Play we Amazon Alexa ýaly wirtual kömekçi we güýmenje komplekslerini özünde jemlär.
Toyota Camry 2021 ilkinji bolup ABŞ-da gibrid wersiýasynda 28,27 müň dollar, XSE hybrid wersiýasynda bolsa 33,72 müň dollar bahalarynda satuwa çykarylar. Bellesek, täze awtoulag ýapon baza komplektasiýasynda ýokarda bellenen nyrhlardan 4,2 göterim arzan bolar.