ABŞ-nyň Kornell uniwersitetinde medisinada özboluşly täzelik bolup hyzmat etjek täze enjamy oýlap tapdylar. Bu enjam dünýäniň iň kiçijik roboty bolup, ony golaýlaşdyryjy aýna arkaly görmeseň hiç hili görüp hem bolmaýar.
Bu enjamyň diametri adamyň saçynyň taryndan hem inçedir. Ine şundan hem onuň beýleki enjamlardan tapawutly aýratynlygy gelip çykýar – diýip,ony ulanyşa girizen hünärmenler belläp geçýärler. Bu robotyň şeýle kiçijik görnüşde döredilmeginiň sebäbi, onuň medisina maksatlary bilen ulanmak üçin döredilendigi üçindir. Ol adamyň gan ulgamyna käbir üýtgeşmeleri geçirmek üçin niýetlenen. Oňa has kiçi göwrümli çipleri goýmak arkaly adam organizminde bar bolan köp keselleriň, şol sanda rak keseliniň hem öňüni alyp bolar.
Mikroçipler eýýäm öňden bäri ulanyşda bar, emma olary işledip biljek ulgam häzire çenli ýüze çykarylmandy. Indi adamyň organizminde has inçelik bilen çemeleşmegi talap edýän bejergi işlerini täze robotjyk amala aşyrar.