Ýüzlerçe dürli çeşmelerden müňlerçe habarlary birleşdirýän meşhur iOS we Android programmasy bolan “Bundle” soňky aýlarda ep-esli täzelenmäni başdan geçirdi we 3.0 görnüşine geçmek bilen uly täzeliklere eýe boldy. Aýda 1 milliondan gowrak işjeň ulanyjy bolan bu programmada indi “iOS 14” operasion ulgamy bilen durmuşymyza girýän Widget bar. Kompaniýanyň resmi beýanyna görä, “iOS 14 Widget”-iň kömegi bilen ululygy we görnüşi üýtgedilip bilinjek täze “Bundle Widgets” baş ekrana çykarylýar. Şeýlelik bilen, ulanyjy interfeýsiniň ikisine-de täze görnüş berilýär we iň çalt usulda täzelikleri okamak barada jikme-jik maglumat berilýär. Aýdylyşy ýaly, baş ekranda üç aýry Widjet programma aňsat girýär. Bular:
– meşhur habarlar: Okyjylaryň iň köp gyzyklandyrýan mazmunly habarlary
tapmak mümkinçiligi bar;
– bellikler: Günüň möhüm wakalary beýan edilýär:
– “Hot Bundle” (gyzgyn bukjalar): Günüň habarlarynyň gyzgyny bilen lezzetli
okalmagyny üpjün edýär.
Howanyň çaklamalary hem-de bazaryň açylmagy we ýapylmagy, diňe goşmaça töleg geçýän abonentleri üçin elýeterlidir. “Bundle” ulanyjylary üçin henizem zerur bolan iki aýratynlyk, indi bolsa has peýdaly bolýar. 250 müň adam, her gün 300 müň okalýan howa we maliýe goşundylary bilen habar hökmünde howa maglumatyny almagy makul bilýär.
50 müň adam kriptografik walýuta gymmatlyklaryna, şeýle hem bazar indekslerine eýerýär. “Bundle”-niň iň möhüm we halanýan aýratynlygy bolan “Gündelik bukja” hem bu görnüşde ulanyjylara hyzmat edýär. Gündelik meşhur habarlary we meşhur sözbaşylary jemlemeklik bilen “Daily Bundle” günüň ahyrynda habarnamada berilýär we ulanyjylaryň gyzyklanmalaryna görä şahsylaşdyrylan habarlary hem öz içine alýar.
“IOS 14 Widget” üçin Bundle” örän peýdaly görünýär. Ulanyjylaryň sanynyň yzygiderli köpelýän platformalary we hyzmatlary, adatça aýdyşymyz ýaly gaty meşhur we her dürli mowzukda müňlerçe mazmuny jemlemek bilen ajaýyp wagt gazandyrýar. Bukjany yzarlap, dürli web sahypalarynda çap edilen gyzykly we iň täze habarlara derrew girip bilinjekdigi aýdylýar.
“IOS 14 Widget” bilen habarlary internetden örän çalt alyp bolýar.
