Koliforniýa uniwersitetiniň alymlary dag pissesiniň yzygiderli kabul edilmegi beden agramynyň kadaly ýagdaýyny saklamaga we gan basyşyny peseltmäge ýardam berýär diýen netijä geldiler. Bu barada “La Vanguardia” neşiri habar berýär.
Tejribeleriň dowamynda meýletinçileriň ýarysy dört aýyň dowamynda her güni 40 gramdan pisse iýýärler. Şeýle hem gatnaşyjylaryň fiziki hereketi öňkülere garan ýokarlandyrylan, olaryň tagamnamasy bolsa kaloriýany çäklendirmegiň hasabyna düzülendir. Netijede meýletinçileriň 5% artykmaç beden agyrlygyndan we bildäki ýaglardan halas bolandyklary aýdylýar.
Bulardan başga-da dag pissesini iýen tejribe gatnaşyjylary goşmaça üstünliklere hem eýe bolupdyrlar. Olarda arterial gan basyşy peselipdir. Olaryň ganynda antioksidant lýutein karotinoidleri, alfa we beta karotin derejesiniň köpeleni hasaba alnypdyr.
Dag pissesi netijeli berhizi üpjün edýär
