UFC tapgyrlaýyn söweş ýaryşlarynyň ýolbaşçysy Dana Waýt ýakyn geljekde Jon Jons bilen nigeriýaly Israýel Adesanýeniň tutluşygyny gurnamagy meýilleşdirýär.

Dana Waýt bu barada: “Biz bu tutluşygy 100% gurnamaly. Ol bütin MMA-nyň taryhynda iň bir ýatda galjak tutluşyklaryň biri bolar. Munuň üçin Adesanýe ilki başga biri bilen duşuşyk geçirmeli bolar” – diýip belleýär. Waýtyň bu sözlerini BJPenn neşiri habar berýär.

Bu mowzukda belläp geçsek, 31 ýaşly nigeriýaly tejribeli türgen häzirki wagtda UFC-niň ýarym agram derejesinde ýeňiş kemeriniň eýesi bolup durýar. Onuň karýerasyndaky hasabynda 20 tutluşykda 20 ýeňişi bar. 32 ýaşly amerikaly Jon Jons bolsa ýarym agyr agram derejesinde diwizionyň öňki ýeňijisi hasap edilýär. Onuň hasabynda bolsa 26 ýeňiş hem-de 1 gezek ýeňliş bar. Umumylykda, Jons agram derejesine garamazdan reýtingde ilkinji orny eýeleýär.