Filippinli boksçy Menni Pakýao Konor Makgregor bilen nähili şertiň esasynda ringe çykjakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, şol tutluşykda sopromouter bolmagyna rugsat berilmegi hökmanydyr.
Pakýao özüniň şertini esaslandyrmak bilen şulary belläp geçýär: “Häzirki wagtda “Paradigm Sports Management” bilen şertnamam ýok. Men özümiň “Pac Sports and Entertainment” kompaniýamy açdym we janköýerlerime Konora garşy ajaýyp göreşi sowgat etmek isleýärin. Bu ring eger maňa sopromouter bolmaga rugsat berseler bolup geçer. Men muny ýaryşlary guraýjylardan talap edýärin”
Pakýaonyň bu pikirlerini “Boxing Scene” habar berýär. Maglumat berilmegine görä, eger Pakýaonyň şertleri kanagatlandyrylmasa, onuň öz pikirinde galjakdygy ikuçsuzdyr.
Pakýao Makgregor bilen tutluşyk üçin şertini aýtdy
