Dünýädäki on sany iň baý işewürlerden dokuz sanysynyň jemi baýlygy duşenbe güni 22,9 milliard dollara çenli azaldy. Bu real wagt hasabynda Forbes Real-Time reýtinginde mälim edildi. Muňa sebäp bolsa birža bazarlarynyň düşmegidir.
Louis Wuitton eýesi we Ýewropanyň iň baý adamy Bernar Arnonyň baýlygy hemmäniňkiden köp – 5,5 milliard dollara kemeldi. Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň baýlygynyň mukdary 1,7 milliard dollar azaldy. Amazon kompaniýasynyň baş direktory, dünýäniň iň baý adamy Jeýff Bezos 3,8 milliard dolar möçberinde ýitgi çekdi.
Baýlygy azalanlaryň sanawynyň ýokary onlugynda inwestor Uorren Baffet ($3,4 milliard), Facebook ýolbaşçysy Mark Tsukerberg ($2,6 milliard), Teslanyň eýesi Ilon Mask ($1,9 milliard) orun aldy. Duşenbe güni baýlygy köpelen ýekeje milliader Oracle direktorlar geňeşiniň başlygy Larri Ellison boldy. Onuň kapitalyna 790 million dollar goşuldy.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygy bir günde 23 milliard dollara çenli...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygy bir günde 23 milliard dollara çenli azaldy
