BMG-niň baş binasynda Gazagystanyň BMG-däki hemişelik wekili Gaýrat Umarow raýatlyk we syýasy hukuklar baradaky halkara resminamasynyň ölüm jezasyny ýatyrmaga gönükdirilen ikinji fakultetiw beýannamasyna gol çekdi. Bu barada Gazagystanyň Daşary işleri ministrligi habar berýär.
Ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky halkara beýannama goşulmak hakyndaky karary Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öňräk BMG-niň Baş assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň umumy syýasy gepleşiklerdäki çykyşynda hem yglan edipdi. Bu barada ministrligiň habarynda şeýle diýilýär: “Bu halkara resminamasyna gol çekilmegi ölüm jezasyny ulanmaklygy tapgyrma-tapgyr daraltmak we jenaýat kanunçylygyny ynsanperwerleşdiriş ýolunyň dowamydyr”.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, Gazagystan 2003-nji ýylda moratorini ulanmak baradaky prezident permany bilen ölüm jezasyny ulanmak doly togtadylypdy.