Täze iPhone-da peýdalanyljak bu almaz görnüşli örtük Gorilla Glass aýna gatlagynyň üstünde ýerleşdiriler. Mälim bolşy ýaly, iPhone 12 smartfonunda Corningiň Gorilla Glass Victus gorag aýnasy bilen örtüler. Ol 2 metr beýiklikden gaty ýere gaçsa hem döwülmez ýaly derejede berkdir. Şeýle hem ol smartfony çyzgylardan Gorilla Glass 6-a garanyňda iki esse ýokary derejede goraýar.
Şunuň ýaly berk bolsa-da, ol käbir gaty urgularda döwülip biler. Şonuň üçin hem Apple şeýle ýagdaýy aradan aýyrmak üçin täze gorag gatlagyny işläp taýýarlaýar. Çeşmelerde magumat berlişine görä, Apple täze smartfonunda Gorilla Glass gatlagynyň hem üstünden almaz görnüşli uglerod örtügini ýerleşdirer. Bu bolsa smartfonuň bahasynyň örän az mukdarda gymmatlamagyna getirer.
Bu barada çeşmelerde habar berilse-de, onuň haçandan başlap dörediljekdigi heniz belli edilmeýär. Ýöne käbir kompaniýalar özleriniň berk örütklerini döredip, täze smartfonlaryna goýýarlar.
2018-nji ýylda Square Trade kompaniýasynyň geçiren barlaglarynyň netijelerine laýyklykda, dürli hili gaçyrylyp döwülýän smartfonlaryň köpüsiniň ekranlarynyň döwülýänligi ýüze çykaryldy. 2017-nji ýylda ABŞ-nyň smartfon ulanýan adamlary jemi 50 million smartfonyň displeýini döwdüler we olary täzelemek üçin 3,4 milliard dollar harçladylar.