The Grand Tour telegepleşiginiň alyp baryjysy, žurnalist Jeremi Klarkson meşhur britan baýragy bolan News UK Motor Award-yň çäklerinde ýylyň iň gowy awtoulaglaryny mälim etdi.
Edil ozal bellenip geçilişi ýaly, britan bilermeni iň gowy awtoulagyň hem-de köpçülikleýin awtoulagynyň adyny belläp geçdi. Onuň pikirine görä, iň gowy superkar ýaryş awtoulagy bolan Jaguar E-Type-yň Eagle Lightweight GT awtoulagydyr. Onuň gurluşynda häzirki önümçilik aýratynlyklaryndan peýdalanylandyr.
Alýuminiý nowasy bolan bu awtoulag onuň adaty görnüşinden hiç hili tapawutlanmaýar, emma ondan kuwwatly häsiýete eýedir: original model 385(508Nm) kuwwatly 4,7 litrlik motora eýedir, Leightweight E-Type bolsa 300 kuwwatly, 3,8 litr kuwwatly motora eýe bolup durýar.
Bilermen ulanmak üçin iň oňaýly awtoulag hökmünde bolsa tiražy 3000 sany bolan MINI John Cooper Works GP awtoulagyny saýlady. Ol hem BMW X2 M35i krossoweriniň 100 kilometre 5,2 sekuntda ýetmäge ukyply 306 kuwwatly M Performance motory bilen üpjün edilendir. Ýene bir bellemeli zat, Toyota Rav 4 awtoulagynyň hem iň oňaýly awtoulag hökmünde yglan edilenligidir.