Amerikanyň Stenford lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary ylmy barlaglary geçirmek bilen adam organizminiň dört pasly däl-de, diňe iki pasly kabul edýändigini ýüze çykardylar. Bu ylmy netijeler barada bolsa evo-rus.com täzelikler portaly habar berýär.
Bu barlaglary geçirmekde alymlar 25 — 75 ýaş aralykdaky adamlaryň 100 sanysynda tejribe geçirdiler. Munda olar adamlaryň gan basyşyny, immunitetiň derejesini, ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýlaryny, şeýle-de metabolizm hem-de beýleki aýratynlyklaryny barladylar. Şonuň netijesinde hem alymlar adamlaryň organizminde bir ýylyň dowamynda bolup geçýän özgermeleri yzarlamagy başardylar.
Netijede, adamlaryň organizmi ýylyň dowamynda diňe iki gezek şeýle üýtgeşmäni geçirýän eken. Ol möwsümler bolsa soňky bahar aýlary hem-de güýzüň soňky aýlary bolup durýar.