Şu gün, ýagny 12.10.2020ý. senesinde Los Angeles Lakers topary Miami Heat toparyny ýeñmek bilen, has dogrusy 6 oýnuñ netijesinde 4-2 hasap bilen 2019-2020 möwsüminiñ Çempiýonlygyny yglan etdi.
Şeýlelik bilen Los Angeles Lakers jemi 17 gezek NBA-iñ çempiýony bolmagy hem başardy. Boston Celtics toparynyñam 17 çempiýonlygy bardyr. Bu iki topar NBA-de iñ köp çempiyon bolan toparlardyr.
Los Angeles Lakers toparynyñ parlak ýyldyzy Lebron James hem bu möwsümiñ iñ gowy basketbolçylaryndan biri boldy. Lebron James NBA-de 3 aýry toparda çempiýon bolan ilkinji türgendir. Şeýle hem 10 gezek final duşuşygyna gatnaşmagy başaran dördünji türgendir. Has aýdyñ bolsun diýip aýdanymyzda, NBA-iñ 27 sany topary şu güne çenli 10 gezek NBA finallaryna gatnaşyp görenem däldir.

.

Baýew Hudaýberdi