Google kompaniýasy öz birnäçe priloženiýasynyň ýeňilleşdirilen wersiýasyny döretdi. Kompaniýanyň bu hili önümleri Go diýlip atlandyrylyp, ähli görnüşli smartfonlarda ulanmak üçin elýeterdir. Bu kategoriýanyň täze önümi bolsa Gmail poçta hyzmatlarynyň programmasynyň täze wersiýasy boldy.
Wizual ýeňillikleri döredilen priloženiýa adaty Gmail poçtadan o diýen bir tapawutlanmaýar. Onda Gmail poçtasyndakydan käbir mümkinçilikler az, emma onuň şertleriniň hatarynda alnan faýly sahypa boýunça geçirmek, dürli guramalara degişli bolan hasaplary goşmak we birlikde ulanmak mümkinçiligi bar.
Gmail Go-yň ulanyjy interfeýsiniň aşaky paneli hem-de onda Google Meet wideojaňlary amala aşyrmak mümkinçiligi hem ýokdur. Gmail adaty ulgamdan munuň ýeňil bolmagy ony dürli hili Android ulgamlarda ulanmak mümkinçiliginiň bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýlelikde, Gmail Go kompaniýanyň nobatdaky ýeňilligi bolan priloženiýasyna öwrüldi. Android ulgamly smartfonlary ulanýanlaryň islendigi ony häzir öz smartfonlaryna ýükläp ulanyp bilerler. Ony kompaniýanyň öz programmasy esasynda hereket edýän Play Marketden ýükläp almak bolýar.
Gmail Go indi hemmeler üçin elýeter
