Ispanlaryň meşhur Marça gazetiniň habarlarynda katalonlaryň ýyldyzy Lionel Messiniň “Mançester Siti” toparyna gyşky transfer möwsüminde hiç hili tölegsiz geçmekligi meýilleşdirilýändigi barada bellenilýär. Bu ýöne belli bir ýagdaýlarda bolup biler.
Neşirde katalon toparynyň häzirki wagtda maddy üpjünçilik ýagdaýynyň pes derejede bolanlygy üçin, Lionel Messiniň tölegini azaltmagy göz öňüne tutýarlar. Eger topar Messi üçin tölenýän zähmet hakynyň mukdaryny azaltsa, onda ispan kanunalaýyklygyna laýyklykda futbolçy topar bilen baglanyşan şertnamasyny islendik wagt bozup, başga topara hem geçip biler. Argentin hüjümçiniň bu hili ýagdaýdan peýdalanmaga meýillidigi ikuçsuzdyr.
Ýatlap geçsek, şu ýyl tomusda Lionel Messi topardan gitmäge örän ýakyn gelipdi we topardan gitmekçidigini doly tassyklapdy, emma “Barselona” topary tejribeli hüjümçini mümkinçiliklerine daýanmak bilen ýene bir möwsümlik alyp galdy.
Messiniň meýilleri
