Windows operasion ulgamdan peýdalanýan ulanyjylar eýýäm birmahaldan bäri kompaniýanyň bu meseläni aradan aýyrmagy üçin şikaýat edýärdiler. Bu mesele Windows 10-yň mysalynda göz öňüne tutulýar.
Windows 10-da faýllary gözläp tapmak üçin dürli hili priloženiýalar we gözleg ulgamy bar. Şeýle funksiýalaryň kömegi bilen hem ulanyjyda faýllary gözläp tapmaga üçin ýeňil mümkinçilikler döreýär. Şonuň bilen birlikde hem Microsoft Bing gözleg ulgamy bilen internet saýtlaryndan gerek faýllary tapyp, peýdalanyp bolýar. Operasion ulgamyň täzelenen wersiýasynyň hödürlenmegi bilen Bing ulgamynyň öçürilmegi esasynda kompýuteriň içki gurluşynyň ýokarlanmagyny gazanyp bolýar.
Bingi öçürmek mümkinçiligi öň hem bardy, emma operasion ulgamyň maý aýynda hödürlenen täze wersiýasynda bu aýratynlygyň bolmanlygy üçin ulanyjylaryň nägileligini bildirmekleri ýüze çykdy.
Kompýuteriň içki gözleg ulgamy diňe kompýuteriň içinde bar bolan zatlaryň içinde gözleg geçirýär. Bing bolsa internete baglylykda giň gözlegi alyp barýar. Bu bolsa gözlegiň wagtyny uzaldýar. Bingi öçürmek üçin bolsa onuň DWORD (32 bit) gurluşynda Computer\HKEY_CURRENT_USER\SOFTWARE\Policies\Microsoft\Windows\Explorer salgy boýunça DisableSearchBoxSuggestions diýip atlandyrmaly. Şeýle buýrukdan soňra Bing bilen arabaglanyşyk aýrylar.
Şunuň ýaly onlaýn gözlegiň öçürilen ýagdaýynda içerki gözleg ulgamynyň işi ýeňlär we kompýuteriň işleýiş tizligi öňküsinden ýeterlik derejede gowlanar.

Hangeldiýew Çarymyrat,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 

 Maglumat ulgamlary(oba hojalygynda) hünäriniň 3-nji ýyl talyby