Russiýanyň Wirusologiýa we biotehnologiýa merkezi “Wektor” kompaniýasy tarapyndan döredilen bu sanjym ulular we dowamly keseller üçin has amatlydyr diýip, Rospotrebnadzor merkeziniň müdiri Anna Popowa “Rossiýskýa gazeta” bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Popowa: “Netijämiz görä, GNS “Vektor” tarapyndan işlenip taýýarlanan sanjym garry, hroniki näsaglar üçin has amatlydyr. Ol diri belok ýa-da wirus goşandy bolmadyk bütinleý sintetik sanjymdyr” -diýdi.
Popowanyň pikiriçe, genetiki inženerçilik usullary bilen döredilen üç peptid sanjymda emeli usulda alnan belok göteriji bilen baglanyşyklydyr. Bu birleşme adamlarda koronawirusa garşy immunitet döredýär. Sanjym düýbünden durnukly we üýtgewsiz we adamlarda allergiki täsirleri döretmeýär. Bu sanjym synagyň her tapgyrynda haýwanlarda we adamlarda tassyklandy.
Popowa sanjym synagyna meýletin gatnaşandygyny aýtdy. Polinoz allergiýasy bolandygyna garamazdan – reaksiýa ýüze çykmandyr.
“Wektor” merkezi tarapyndan işlenip düzülen sanjymyň “EpiVakKorona” diýilýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Sanjym diňe sintetiki beloklardan durýar we ýokuşan wiruslary ýa-da genetiki materiallary öz içine almaýar. Bu bolsa onuň beýleki sanjymlardan iň uly aratapawudydyr.