Telefondaky sim-kartany bir ýylda bir ýa-da iki gezek çalyşmak maslahat berilýär. Bu barada “Sanly platformalar” guramasynyň Baş direktory Arseniý Ýelsin mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, eger müşderi aragatnaşyk hiliniň erbetleşenini duýsa, sim-kartany täzelemegi gerek. Bilermenleriň bellemegine görä, köp sanly ulanyjylar aragatnaşygyň pesligini öýjükli telefonlaryndan görýärler. Emma welin mesele diňe sim-kartada hem bolup biler.
Şeýle-de, alymlar sim-karta 4G tehnologiýasynda işlemese, öýjükli telefonlarda kontaktlaryň çägi gutarsa hem sim-kartany üýtgetmek maslahat berilýär. Şeýlede ýokarda ady agzalan bilermen täze öýjükli telefon satyn alnanda hem sim-kartany täzelemegi maslahat berýär.
Telefondaky sim-kartany näçe wagtdan çalyşmaly?
