Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi arassaçylyk we öňüni alyş maksatlary bilen ulanmak üçin BMG-niň Ilat gaznasyndan (UNFPA) 300 sany pürküjileri aldy. Bu barada UNFPA sosial torlarynda habar berdi.
Dezinfesirleýji serişdeleriň getirilmegi BMG-niň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, Ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmegiň milli meýilnamasyna laýyklykda amala aşyryldy.
Mundan başga-da,UNFPA ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek maksady bilen dogrumlary geçirmek boýunça kliniki gözükdirmeleri ornaşdyrmak işinde hem ministrlige ýardam berýär.