14-nji oktýabrda “Turkmendemiryollary” agentliginiň edara binasynda “Gazagystan demir ýoly Milli kompaniýasynyň” Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň barşynda döwletara hem-de sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda hökümetara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek, üstaşyr-ulag ulgamynda geljekki hyzmatdaşlyk etmek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Ýewropa bilen Aziýany baglaýjy möhüm halka hökmünde Türkmenistan-Gazagystan- Eýran transmilli ulag geçelgesiniň işlemegi, şeýle hem “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň hereket etmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi, şol sanda ony ulanmak boýunça bilelikdäki çäreleriň birnäçesi kabul edildi.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistanyň we Gazagystanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň onlaýn-duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň we Gazagystanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň onlaýn-duşuşygy geçirildi
