2020-nji ýylyň 12-13-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Transport ministriniň orunbasary A.K.Semýonowyň ýolbaşçylygynda wideo maslahat görnüşinde halkara ýol ulaglary babatda amatly şertleri döretmek boýunça Bilelikdäki komissiýanyň ikinji ýygnagy geçirildi.
Wideo maslahata gatnaşanlar döwlet we halkara ulag ýollary babatynda tassyklanan ugurlaryň işlemegine taýynlyk, halkara ulag ýollary üçin rugsatnama görnüşlerini döretmek we ulanmak, bar bolan ugurlary ösdürmek hem-de täze ugurlary we barlag nokatlaryny kesgitlemek meselelerini, şeýle hem transport pudagynda mümkin bolan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykdan soň, ŞHG-a agza ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda halkara ulag ýollary babatynda amatly şertleri döretmek baradaky Ylalaşykda göz öňünde tutulan alty halkara ulag ýoluny 2020-nji ýylyň ahyryna çenli açmaga taýýar etmeklik hakyndaky teklip tassyklanyldy.
ŞHG-a agza ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda halkara ulag ýollary üçin amatly şertleri döretmek baradaky şertnama 2014-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Duşanbe şäherinde ŞHG agza ýurtlaryň baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde gol çekildi we 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda güýje girdi.
ŞHG-a agza ýurtlaryň ygtyýarly edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan halkara ulag ýollary babatynda amatly şertleri döretmek boýunça bilelikdäki komissiýa Ylalaşygyň yzygiderli ýerine ýetirilmegi boýunça işleriň utgaşdyrylan guralydyr.
Bilelikdäki komissiýanyň ilkinji guramaçylyk ýygnagy 2017-nji ýylyň maý aýynda Pekinde geçirildi.