London auksion öýi “Roma Numismatics Limited” Ýuliý Sezaryň öldürilmegi mynasybetli iki müň ýyl ozal Rimde ýasalan seýrek altyn teňňäni auksiona çykardy.
Bu teňňeden dünýäde bary-ýogy üç sanysy bar. Hünärmenler bu görnüşi kolleksionerler üçin iň gymmatly we islenýänleriň biri diýip hasap edýärler.
Başlangyç bahasynyň bary-ýogy 650 müň dollardygyna garamazdan, teňňäniň azyndan 5-6,5 million dollara çenli bahasynyň auksionerler tarapyndan artdyrylmagyna garaşylýar. Eýýäm ony satyn almak isleýänleriň hemmesi auksiona gatnaşyp bilerler. Söwda 29-njy oktýabrda ýapylar.

Azbarhojaýew Alihoja,
TOHU talyby