Ýakynda Taýwan döwletiniň kompýuter tehnikalaryny öndürýän Acer kompaniýasy özüniň beýleki noutbuklardan bir näçe artykmaçlyklary bolan, esasanam bahasynyň gymmatlygy bilen tapawutlanýan Acer Predator 21X atly häzirki zaman kompýuter oýunlary üçin noutbugyny satuwa çykardy. Bu noutbuk beýleki noutbuklara garanyňda özüniň 8,5 kg agramy hem-de aýratyn noutbuk üçin çemodany bilen tapawutlanýar.
Noutbugyň düzüm böleklerinde 2 sany elektrik üpjünçilik blogy, olar üçin berkidiji we goşmaça ýörite oýun üçin gök klawiatura hem bar. Acer Predator 21X noutbugyň ýene-de bir artykmaçlygy onuň ekrany 21 dýumly egri (curved), taraplaryň gatnaşygy 21:9, ekranyň ölçegleri 2560×1080 piksel hem-de täzelenmek ýygylygy 120Gs-a barabardyr. Häzirki güne çenli bu ekran hiç bir noutbuklarda ýerleşdirilmedi. Häzirki zaman kompýuter oýunlaryny hem-de rastr grafika we wektor grafikalary bilen işleýan programmalaryň suratlarynyň we wideolarynyň görkezilişini has tekiz ýagdaýda üpjün etmek üçin NVIDIA G-Sync golgawy hem bar. Notbugyň içinde Intel Core i7-7820HK prosessory we SLI iş tertipde işleýän 2 sany GeForce GTX 1080 wideo kartasy ýerleşdirilen.
Akkumulýatoryň umumy göwrümi 6000 mAsag bolan 8 sany bölekden ybarat bolup – elektrik energiýasyz uzak wagtlap işlemegini üpjün eder diýip kompaniýanyň inženerleri aýtýar. Operatiw ýady 64GB, gerekli maglumatlary saklamak üçin 2 sany 512GB göwrümli SSD hem-de 1 sany 1TB göwrümli HDD görnüşli gaty diskler oturdylan. Acer Predator 21X 5 wentilýatorly sowadyş ulgamy, 4.2 kanally ses ulgamy ýagny, 4 sany ses dinamika hem-de 2 subwoofer hem bar. Häzirki wagtda bu noutbukdan bary ýogy 300 sany öndürildi.

Batyr Nurgeldiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň oba hojalyk tehniklaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň mugallymy.