Golaýda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Bitarap Watanymyzda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde türkmen edebiýatynyň orny” ady bilen döredijilik agşamy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary uly höwes bilen gatnaşdylar. Döredijilik agşamynda çykyş edenler söz ussatlarynyň edebi mirasynyň ruhy-ahlak gymmatlyklary, päk zähmet, halal durmuş, ýagşy häsiýetleri terbiýelemekde diliň çeper serişdelerinden peýdalanylyşy, döwrebap, ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmekdäki orny hakynda, türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijilik dünýäsi, tematiki aýratynlyklary, Hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserleriniň taryhy ähmiýeti, olarda kämil ynsan meselesi dogrusynda belläp geçdiler.
Öz edebi köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli edebiýatymyz “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem çuň mazmunly, kämil duýgy düşünjelere eýlenen täze eserler bilen baýlaşýar. Çeper eserler, ilkinji nobatda, ýaş nesliň terbiýesine, özüni alyp barşyna, onuň nurana geljegine oňaýly täsirini ýetirende has hem ähmiýetli bolýar. Beýle eserlerde beýan edilýän her bir duýgy, durmuş baradaky düşünjeler bir bitewülige öwrülende, ýazyjynyň we şahyryň irginsiz zähmetiniň ýerine düşdügi hasaplanýar. Türkmen edebiýatynda bolsa çuňňur many-mazmuna baý, çeper döredijilik dünýäsiniň hiç bir ýerde gaýtalanmajak ruhy hem ahlak gymmatlyklaryna eýe eserler sanardan kän. Beýle eserleriň ýaşlaryň durmuş we terbiýe mekdebine öwrülmeginde, edebiýatyň zamananyň ruhuny, ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik hörpüni açyp görkezmekde döredijilik duşuşyklarynyň, edebiýat agşamlarynyň geçirilmegi has-da ähmiýetlidir.
Çäräniň barşynda Alym Arkadagymyzyň peşgeş beren atalyk kitaplarynyň we türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň kitaplarynyň sergisiniň guralmagy döredijilik agşamynyň täsirini artdyrdy.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby