Apple korporasiýasy geçen aýda, şeýle hem şu aýda özüniň birnäçe täzelikleri bilen tanyşdyrdy. Öňümizdäki aýda bolsa ol ARM prosessorynyň esasynda işlejek MaсBook noutbugyny köpçülige tanyşdyrar. Bu maglumatlary Bloomberg ýetirýär.
Golaýda kompaniýa dünýä bazaryna özüniň şahsy ARM prosessory esasynda işleýän 13 dýuýmlyk enjamynyň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. Pandemiýanyň ýüze çykaran ýagdaýy zerarly amerikan kompaniýasy 3 aýlap konferensiýa geçirip bilmedi. ARM prosessor esasynda işlejek Apple leptoplary has öndürijilikli hem-de tygşytly bolar.
Apple kompaniýasynyň täzelikleri barada maglumatlary ýetirýän habarçy Jon Prosser Air Tags atlandyrylýan ýitirilen zatlary tapmak üçin niýetlenen enjamyň hem öňümizdäki ýylda taýýarlanyp, köpçülige ýetiriljekdigini belleýär.