ToDay news Ufa internet neşiri täze öndüriljek Xiaomi Redmi Note 10 smartfonunyň 108 megapiksellik kamera bilen üpjün ediljekdigi barada çeşmelere esaslanmak bilen habar berýär.
Enjama bu täze aýratynlygy kompaniýa golaýda ýerleşdirmegi meýilleşdirip, onuň suratlary düşürmekde ýokary durulygy özünde jemlejekdigini kepillendirýär. Bu ugurda 108 megapiksel kameranyň häzirki zaman derejesiniň ýokary basgançaklarynyň biridir.
Ýene-de bellemeklerine görä, täze gadjet aragatnaşyk ulgamynyň bäşinji nesli bilen baglanyşykly, şonuň bilen bile ýerleşdiriler. Smartfonyň bu modeliniň beýleki aýratynlyklary geçen aýyň ahyrynda köpçülige ýetirilen Mi 10 T Lite modeliniň aýratynlyklary bilen gabat gelýär.
Täze enjam Qualcomm Snapdragon 750G prosessory, şeýle-de Adreno 619 grafik çaltlandyryjy ulgamy bilen baýlaşdyrylar. Ekrany babatda aýdylanda, 6,7 dýuým bolar.
Täze Redmi Note 10 108 megapiksele eýe bolar
