Az hem bolsa EREM sözi köpümize tanyşdyr. Taryh ylmynda “Erem baglary” diýip agzalýan ýer bardyr. Ony Şeddad atly kişi Erem şäherini gurduranda Erem baglaryny hem ekdirýär we kemala getirýär. Maksady – jennet bilen bäsleşsin.

Gözel Aşgabadymyzyñ Magtymguly şaýolunyñ ugrunda hem täze açylan restoranyñ adydyr. Bu restoranyñ tapawudy hödür edilýän nahardyr, suwlaryñ kaloriýasynyñ beýan edilmegidir. Eger berhiz saklaýan bolsañyz şoña görä iýmitlenip bilersiñiz, sebäbi diýetologyñ maslahaty bilen hödür edilýär.

Restoran täze açylandygyna garamazadan menusynda birnäçe daşary ýurtlaryñ aşhanasyndan hödürlenilýän tagamlar bilen bir hatarda, kofedir çaýyñ, şeýle hem smuzi we kokteýlleriñ birnäçe görnüşi bardyr.

Edil häzirki döwürde bu restoranyñ tagamyny datmak isleýänler, gynansak-da, diñe sargyt edip datyp bilerler. Restoranyñ menulary sosial media platformalarynda Erem brasserie ady bilen tanalýar.


Baýew Hudaýberdi