Wirusyň barlygyny ýa ýoklugyny ýüze çykarmak üçin 5 minutdan hem az wagt gerek bolýar. Organizmimizde COVID-19 wirusynyň aralaşmak mümkinçiliginiň derejesini bilmek üçin niýetlenen bu täze testi Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersitetiniň alymlary işläp taýýarladylar.
Bu barada Reuters habarlar gullugy habar berip, onuň mazmunynda täze testiň sanlyja minutlarda barlag geçirmek şertini döredýänligi bellenilýär. Häzirlikçe onuň çykarýan netijeleri ygtybarlylygy boýunça diňe molekulýar PSR testlerinden pes derejede gelýär.
Bu täze taýýarlanan usuly ekspress test geçirilýän ýerlerde, mysal üçin howa menzillerde, dürli edara-kärhanalarda peýdalanmak meýilleşdirilýär. Bu testi dolulygyna öňümizdäki ýylda ulanyşa girizerler.
COVID-19-yň iň çalt geçirilýän testi
